“Alaja - sungatdyr”

  2025 – nji ýylyň maý aýynyň 10 – na Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň 3 – nji umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýan talyp gyzlaryň arasynda “Alaja - sungatdyr” ady bilen el işleri barada  gürrüňdeşlik geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybirlikden kemal tapan türkmen halkymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenip, ýurdumyzyň taryhynyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Ähli türkmen halkynyň zenanlaryna görüm – görelde hökmünde Ogulabat ejäniň ören alajalarynyň, şonuň ýaly-da alajany örmekde ulanylýan iş guralynyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine sowgat berilmegi gelin – gyzlarymyzy begendiren wakalaryň biri boldy.Talyp gyzlara ene – mamalarymyzdan gelýän sungat derejesinde ýetirilen el işleri barada yzygiderli gürrüň berýäris. Şeýlelikde alaja örmegiň işmegiň aýratynlyklaryny, taryhyny beýan edýäris.                 
 

                                                                                      

Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika

fakultetiniň ilkinji Zenenlar guramasynyň başlygy 

Arzygül Annagulyýewa