Onlaýn ylmy-okuw maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 6-njy maýynda Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň mugallymlary Türkmen oba hojalyk institutynyň “Amaly mehanika” kafedrasynyň uly mugallymy Myrat Garýagdyýew tarapyndan geçirilen “Fermalary hasaplamagyň usullary” atly onlaýn ylmy-okuw maslahatyna işjeň gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda inženerçilik gurluşlarynda giňden ulanylýan ferma konstruksiýalarynyň aýratynlyklary, görnüşleri hem-de olaryň güýjüň paýlanyşyna görä hasaplamagyň döwrebap usullary giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Fermalar esasan, senagat binalarynda, köprülerde hem-de dürli ölçegli inženerçilik desgalarynda ulanylýan ýokary durnukly we ýeňil gurluşyk elementleridir. Şol sebäpli olaryň dogry we ygtybarly hasaplanmagy gurluşyk desgasynyň umumy berkligine we durnuklylygyna gönüden-göni täsir edýär.

Maslahatda häzirki wagtda ulanylýan analitik we grafiki hasaplama usullary, şeýle hem kompýuter programmalarynyň kömegi bilen ýerine ýetirilýän sanly modelleşdirmeler, stress-analiz we deformasiýa hasaplamalary barada hem giňişleýin maglumat berildi. Mugallymlar şeýle maslahatlaryň gurluşyk inženerleriniň bilim derejesini ýokarlandyrmaga we täze tehnologiýalaryň iş tejribesine ornaşdyrylmagyna möhüm itergi berýändigini nygtadylar.

Şeýle hem, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ylym-bilim pudagynyň sazlaşykly ösmegine, akademiki gatnaşyklary berkitmäge we okuw maksatnamalarynyň özara baýlaşmagyna ýardam berýändigi bellendi. Şeýle hyzmatdaşlyklar ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna we hünär taýdan kämilleşmegine giň mümkinçilik döredýär.