BITARAP TÜRKMENISTAN-ÖSÜŞLERIŇ ÝURDY

          Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrinde  2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýilip edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň professory, fs.y.k Karaýew Begenç  “Türkmenistanyň Bitaraplyk we parahatçylyk syýasaty-ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň kepilidir” atly temada 05.05.2025 senede geçirilen onlaýyn açyk sapagyna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň professor-mugallymlary  hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar. Ussat diplomatyň Bitaraplyk ýörelgesiniň taryhy köklerini açyp görkezen maglumatlary örän täsirli boldy.