Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetinde 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy – ýeňişli ýollaryň ýalkymy» atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatyň başynda bu ýokary okuw mekdebiniň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty Batyr Mämmedow çykyş edip, türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler, eziz Watanymyzda dabaraly bellenilýän 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygy, şeýle hem türkmenistanly gerçekleriň, öňi bilen bolsa ussat mugallym, ilhalar ynsan, edermen esger Berdimuhamet Annaýewiň görkezen gahrymançylyklary, Watanyň wepaly içerki gullugyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň watançylyga beslenen manyly durmuş ýoly barada nygtady. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň baýry mugallymy, Türkmenistanyň hormatly il Ýaşulysy Amangeldi Orazow, institutyň kafedra müdiri, tehniki ylymlaryň kandidaty Ýolly Myradow, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçysy polkownik Aşyrmämmet Hydyrow, Raýat goranyşy fakultetiň dekany polkownik Orazmyrat Annaýew hem-de beýleki harby gullukçylaryň çykyşlary has täsirli boldy. Çykyşlarda milletimiziň şöhratly taryhynda türkmen topragynda aldym-berdimli söweşleriň köp bolandygy, 1941-1945-nji ýyllar aralygynda bolup geçen Beýik Watançylyk urşunda beýleki halklar bilen deň hatarda türkmen ýigitleriniň hem duşmany derbi-dagyn etmekde we ýeňiş gazanmakda aýratyn goşan goşantlaryny bellediler. Talyp ýaşlaryň döreden ylmy-taslama işleriniň sergisi bolsa çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Mahlasy bu dabara Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlik amala aşyrylýan harby özgertmeler, watan goragçylarynda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekde hem-de olaryň arasynda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi wagyz etmekde giň gerimli işler durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasy boldy. Dabaranyň dowamynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň «Bagtyýarlyk binasy» aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary ýaňlandy. Ylmy-amaly maslahat soňra bölümçelerde dowam etdi.
Nurýagdy AKMÄMMEDOW,
TDBGI-niň Raýat goranyşy fakultetiniň dekanynyň orunbasary, polkownik.