HALK HAKYDASY – MERTLIK MEKDEBI

1941-­1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda doganlyk halklar bilen birlikde urşuň agyr synaglaryny başdan geçiren watandaşlarymyzyň müňlerçesi dünýäde parahatçylygyň we azatlygyň hatyrasyna söweş meýdanlarynda edermenligiň, gaýduwsyzlygyň, hakyky watançylygyň hem­de belent adamkärçiligiň deňsiz­taýsyz nusgasyny görkezdiler. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy Fakultetiniň harby talyplary bilen gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň iň bir ajaýyp künjekleriniň biri bolan «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna hem-de bu ýerde ýerleşýän «Watan mukaddesligi» muzeýine medeni gezelenç guraldy. Bu ýerde ýerleşdirilen muzeý gymmatlyklary bizde uly täsir galdyrdy. Çünki harby talyp ýaşlar Watanyň azatlygyny we garaşsyzlygyny goran ata­babalarymyzyň edermenligini we gaýduwsyzlygyny özlerine nusga edinýärler. Ömür ýoly türkmen ýaşlary üçin hakyky watançylygyň we borja wepalylygyň nusgasy bolan, ussat mugallym, ilhalar ynsan, edermen esger Berdimuhamet Annaýew baradaky muzeý gymmatlyklary, hususan hem Beýik Watançylyk urşunda görkezen edermenliklerini beýan edýän taryhy maglumatlar, uruş ýyllaryny beýan edýän suratlar we  ýazgylar harby talyp ýaşlary mukaddes watanymyza bolan söýgümizi hasda belende göterýär.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň harby talyplary «Watan mukaddesligi» muzeýdäki maglumatlary öwrenip, döz gelmesi kyn, aldym-berdimli Watan ugrundaky söweşlerde merdana ata-babalarymyzy hiç bir güýjüň dyza çökerip bilmändigine hakyky göz ýetirdiler. Halkymyzyň Watana bolan wepasyny, synmaz söýgüsini ony ar-namasyna başynyň täjine deňäp gelendikleri hemmelere äşgär hakykatdyr. Ýurt berkararlygy, halkymyzyň asudalygy we azat-erkin durmuş ugrundaky watançylyk söweşleri baradaky maglumatlar bilen tanyş bolanyňda, öz gahrymançylykly taryhyňa we merdana ata-babalarymyza buýsanjyň artýar.

Eziz ata Watanymyzda ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, nusgalyk terbiýeli, ruhubelent we sagdyn bolmagy, hünärli we mukaddes Watanymyza we mähriban halkymyza wepaly adamlar bolup ýetişmekleri babatynda amala aşyrýan beýik işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Belent Serkerdebaşymyz – Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys!

 

Mukam AKMÄMMEDOW,

TDBGI-niň Raýat goranyşy fakultetiniň

mugallymy, uly leýtenant.