Berkarar döwletim – Atly gepleşik

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan gurnalan tegelek stol gepleşiginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Çyzuw we materiallaryň garşylygy” kafedrasynyň uly mugallymy Amangeldi Orazowyň gatnaşmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan eden ýylymyzyň 2-nji maýynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Balkan welaýatyna amala aşyran iş sapary, onuň dowamynda Awaza mili syýahatçylyk zolagynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň göçme mejlisi hem oňuň yzy süresi Jebel şäheriniň golaýynda Balkanabadyň Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşmagy, Balkanabadyň Halkara howa menziliniň açylyş dabarasy barada söhbetdeşlik geçirildi.

Balkanabadyň Howa menzili 2021-nji ýylyň iýul aýynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ol wagt Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde işleýän döwründe düýbi tutuldy, özem Türkmenistanyň Telekeçiler we Senagatçylar birleşmesiniň agzasy bolan “Gündogdy” hususy kärhanasy tarapyndan gurluşygy amala aşyryldy. Dört ýyla golaý wagtyň içinde sagatda 100 adama hyzmat edýän Halkara derejesinde laýyk edilip gurlan hem açylan badyna dört sany Halkara Ykrarnamalaryna eýe boldy. Geljekde ýolagçylary gatnatmak dünýäniň dürli künjeklerine uçarlary gondyrmak, hyzmat etmek hemem olary beýleki sebitlere uçurmak, şonuň bilen birlikde-de golaýynda Mollagara şypahanasy bar. Mollagara şypahanasyna dünýäniň dürli künjeginden biziň ýurdumyza geljek adamlar üçin şu Halkara howa menziliniň açylmagy aýratyn ähmiýete eýe bolar. Elbet-de ol biziň geçmişde hereket eden Beýik Ýüpek ýolunyň ýörelen hereketlendirilen güýji bolan Türkmenistan ýurdumyz häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Mähriban Prezidentimiziň dowam etmeginde Beýik Ýüpek ýoly täzeden dikeldilýär. Halkara howa menzili Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman görnüşiniň täze bir ulag logistika merkezi bolup hyzmat edýär.