Gurluşygy alnyp barylýan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumynda göçme okuw sapagy

2025-nji ýylyň aprel aýynyň 30-yna, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň  “Elektrik üpjünçiligi we elektromehanika” kafedrasynyň mugallymlary hem-de kafedrada taýýarlanylýan hünärleriň  talyplary “Ajaýyp-gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan gurluşygy alnyp barylýan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşyk meýdançasynda göçme okuw sapagyny geçdiler. Talyplar täze binalar toplumynyň gurluşyk meýdançasynda dürli maksatly binalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşy bilen içgin tanyşdylar. Ilkinji nobatda kärhananyň hünärmenleri gurluşyk meýdançasynda ýüze çykyp biljek dürli ýagdaýlar, howpsuzlyk düzgünleri we adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olara garşy çäre görmek barada jikme-jik düşündiriş işlerini geçirdiler. Hünärmenler şeýle desgalaryň gurluşygynyň ilkinji ädimleri, gurluşyk meýdançasynyň häzirki döwründe haýsy işleriň alnyp barylýandygy we başga-da köp işler barada jikme-jik gürrüň berdiler. Göçme okuw sapagynyň dowamynda beton guýulýan ýerlerde elektrik ulgamynyň topraklama işleriniň geçirilişi we düzgünleri, boýy ýeten binalarda bolsa ýagtylandyryş ulgamynyň, ýangyna howpsuzlyk boýunça ulgamlaryň ýerine ýetirilişi we talaplary, transfomatorlary ýerleşdirmek üçin ýerleriň taýýarlanyşy barada giňişleýin maglumat aldylar. Bu bolsa elektroenergetika ugrundan bilim alýan talyplar üçin peýdaly we ylham beriji tejribe boldy. “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasynyň hünärmenleri bilen geçirilen söhbetdeşlikde talyplar daşky gurşaw gurluşygy, iň täze gurluşyk tehnologiýalaryny ulanmak, gurluşyk materiallary, häzirki zaman gurluşykda akylly jaý ýaly meseleler bilen hem içgin gyzyklandylar.