Türkmen türgenleriniň iri halkara ýaryşlaryna gatnaşmagy ýurdumyzyň sportunyň dünýä ýüzünde gazanýan üstünlikleriniň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan sport syýasatynyň aýdyň ykrarnamasydyr.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň “Kartografiýa we geoinformatika” taýýarlygy ugrunyň 1-nji ýyl talyby Döwletgeldi Myradow 2025-nji ýylyň 27-nji aprelinde Ispaniýa döwletiniň La-Nusiýa şäherinde 86 kg agramy bilen erkin söweş boýunça geçirilen ýaryşyna gatnaşyp I orny eýeledi.