2025-nji ýylyň aprel aýynyň 29-yna Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Senagat we raýat jaý gurluşygy” hünäriniň 4-nji ýyl talyplary kafedranyň mugallymy M. Nuryýewiň ýolbaşçylygynda häzirki wagtda gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynda göçme okuw sapagyny geçdiler. Göçme okuw sapagy talyplaryň nazary bilimlerini önümçilikde alnyp barylýan işleriň tejribesine baglanyşdyrmak, olara hakyky gurluşyk şertlerinde hünär endiklerini ösdürmek maksady bilen gurnaldy.
Göçme okuw sapagynyň dowamynda talyplar binalaryň daşky we içki bezeg işleri bilen tanyşdylar. Hususan-da, mermer bilen örtmek işleriniň gurluşykda tapgyrlaýyn nähili ýerine ýetirilýändigi barada jikme-jik maglumatlar berildi.
Şeýle hem talyplar häzirki zaman gurluşygynda giňden ulanylýan fundalin materialynyň kömegi bilen ýerine ýetirilýän gorag izolýasiýa işleri bilen tanyşdylar. Bu proseslerde gurluşyk materiallarynyň we tehnologiýasynyň amatlylygy, daşky gurşawa täsiri hem-de energiýa tygşytlaýyş aýratynlyklary aýratyn nygtaldy.
Bulardan başga-da, göçme okuw sapagynda talyplar binalaryň howalandyrma we wentilýasiýa ulgamlarynyň gurluşy, olaryň oturdylşy hem-de iş düzgünleri barada hem giňişleýin maglumat aldylar. Bu ulgamlar ýaşaýyş jaýlarynda, jemgyýetçilik we önümçilik binalarynda amatly howa ýagdaýyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär.
“Senagat we raýat jaý gurluşygy” kafedrasynyň mugallymlary tarapyndan guralan bu sapak diňe bir gurluşyk prosesleriniň tehniki taraplaryny düşündirmek bilen çäklenmän, eýsem, talyplaryň çözgüt gözleg ukybyny, toparlaýyn işleşmek başarnygyny hem ösdürmäge gönükdirildi. Şeýle göçme okuw sapaklary ýaş gurluşykçylaryň tejribe toplamagyna, hünär taýdan pugtalanyp, geljekki zähmet ýoluna ynam bilen başlamagyna giň mümkinçilik döredýär.