MILLI WE GUŞAKLY “ALYŞ” GÖREŞI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan ata Watanymyzda Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde ýokary netijeli sportuň, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hem-de sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, sagdynlyk we ruhubelentlik ýörelgeleriniň durmuşa giňden ornaşdyrylmagyna döwlet derejesinde giň gerim berilýär.

2025-nji ýylyň 22-25nji aprelinde Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça geçirilen halkara ýaryşyna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň jemgyýetçilik guramalarynyň, mugallymlarynyň hem-de institutda bilim alýan talyp ýaşlarynyň ruhubelentlik, uly şowhun, bilen joşup janköýerlik etmegi hem türkmen türgenlerimiziň ussatlygyny hasda artdyrdy.

Milli we guşakly “Alyş” göreşi gadymy taryhy kökleri bolan türkmen halkynyň we dostlukly halklaryň gahrymançylykly ruhuny, edermenligini, sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, parahatçylygy we dostlugy dabaralandyrmaga, Olimpiýa hereketini özünde jemleýän görnüşleriň biridir. Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça geçirilen halkara ýaryşyna Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň 13-sinden ussat türgenleriň gatnaşmagy hem munyň aýdyň mysalydyr.

Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça geçirilen halkara ýaryşda bagtyýar türkmen türgenlerimiz 12 sany altyn medala, 10 sany kümüş medala we 6 sany bürünç medala eýe boldylar.