“Türkmeniň bereketli saçagy”

         2025 – nji ýylyň aprel aýynyň 26 – na Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň talyp gyzlaryň arasynda 3 – nji umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýan “Türkmeniň bereketli saçagy” şygary bilen bäsleşik geçirildi.

Türkmen milli naharlary halkymyzyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň “Bereketli türkmen saçagy” atly kitabynda aşpezçilik sungatynyň inçe syrlary barada gürrüň berilýändigi şaýatlyk edýär. Talyp gyzlar hem bu kitapdan ugur alyp, kitapdaky görkezilen naharlardan dürli tagamlary bişirdiler. Mundan başga-da, türkmeniň asyrlardan sünnälenip gelýän däp-dessurlaryny, milli gözelliklerini saçagy bezemegiň üsti bilen beýan etdiler. Bäsleşikde diňe taýýarlanan tagamlara baha berilmän, eýsem, saçagyň bezeginiň aýratynlyklaryna hem uly üns berdiler. Bäsleşikde 1, 2, 3 – nji aşhanalar I orna, 5, 9, 8 - nji aşhanalar II orna, 4, 7, 6, 10 – nji aşhanalar III orna mynasyp bolup gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar.