Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerden başlap, uly üstünliklere beslendi. Türkmenistanda dünýäniň oňyn tejribesi işjeň öwrenilýär, daşary ýurtlaryň bilim we ylym merkezleri bilen gatnaşyklar giňeldilýär. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şol halkara gatnaşyklarynyň çäginde bolsa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Ilatly nokatlar boýunça Maksatnamasynyň (UN-Habitat) halkara hünärmenleriniň arasynda 2025-nji ýylyň 25-nji aprelinde duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyga Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Ilatly nokatlar boýunça Maksatnamasynyň Gündogar Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Sebitleýin geňeşçisi Hanym Katýa Şafer we Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Ilatly nokatlar boýunça Maksatnamasynyň halkara maslahatçysy Jenap Oleg Golubçikow, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekili Selbi Hanowa, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginiň başlygy Pälwängylyç Berdiýew, Terjimeçi Gözel Paşykowa, şeýle-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyndan: institutyň Okuw işleri boýunça prorektory M.Babaýew, institutyň Ylmy işler boýunça prorektory G.Gurbansähedow, institutyň Okuw bölüminiň başlygynyň w.ý.ý. N.Kulyýew, institutyň Ylym bölüminiň başlygynyň w.ý.ý. A.Arazow, “Binagärlik” kafedrasynyň müdiri Ä.Gubaýewa, “Awtomobil ýollarynyň gurluşygy” kafedrasynyň müdiriniň w.ý.ý., t.y.k. Ý.Myradow, “Binagärlik” kafedrasynyň mugallymlary Ş.Jepbarow, N.Annadowa, J.Hallaýewa, M.Jumahanowa we “Diller” kafedrasynyň mugallymy N.Garryýewa gatnaşdylar.
Duşuşykda «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça Maksatnamasynyň (UN-Habitat) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamada» kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň binagärlik we şähergurluşyk aýratynlyklary, mümkinçiligi çäkli adamlar üçin döredilýän uly şertler, şeýle hem talyp ýaşlaryň döwrebaplyk we millilik bilen sazlaşyklary ýerine ýetirýän taslamalary bilen myhmanlar giňişleýin tanyşdyryldy. Halkara duşuşygyň netijesinde bilelikde kiçi etrapçanyň taslamasyny ýerine ýetirmekde, Aşgabat şäherinde we beýleki welaýatlarda adamyň ýaşaýşy üçin amatly şäher gurşawyny döretmekde, hünärmenleri taýýarlamakda yzygiderli hyzmatdaşlygy alyp barmak, şeýle hem bu ugurda iki taraplaýyn meýilnamalary işläp taýýarlamak barada teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň soňunda ýurdumyzy binagärlik-gurluşyk, ylym-bilim ulgamyny ösdürmek barada iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy alyp barmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdyldy.