Işi üstünlikli dolandyrmagyň psihologiýasy

   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrinde  2025-nji ýylyň aprel aýynyň 17-ne institutuň mugallym-öwrenijileriniň arasynda “Işi üstünlikli dolandyrmagyň psihologiýasy” atly seminar sapagyny geçirildi.  Bu sapagy Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň uly mugallymy Orazgül Berdiýewa üstünlige eltýän ýodajyklary görkezmek, şowsuzlygyň wagtlaýyn häsiýete eýedigini mugallym-öwrenijilere düşündirmek bilen olarda maksada okgunlylygy terbiýelemeklige gönükdirmekligini aýtdy. Seminar sapagyň usulyýetini mugallym-öwrenijilere gürrüň bermek bilen, sapagyň usulyýetini kämilleşdirmekde täze usullary, wideoýazgylaryň, wirtual usulyň we ykjam telefonlaryň kömegi bilen maglumatlaryň kabul edilişine köp netije berjekligi barada gürrüň berdi. Ussat mugallymyň sapagy örän täsirli boldy.