Döwrebap tehnologiýalar arkaly bina edilýän bilim ojagy

Inžener-mehanika fakultetiniň mugallymlary we talyplary “Ajaýyp-gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan gurluşygy alnyp barylýan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşyk meýdançasynda göçme okuw sapagyny geçdiler. Talyplara ilkinji nobatda gurluşyk meýdançasynda ýüze çykyp biljek dürli ýagdaýlar, howpsuzlyk düzgünleri we adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak hem-de olara garşy çäre görmek barada jikme-jik düşündiriş işleri geçirildi. Gurluşyk meýdançasynda dürli maksatly binalaryň aýratynlykda gurluşygynyň alnyp barylyşy bilen içgin tanyşyp, sorag-jogap alyşyldy. Häzirki wagtda gurluşyk meýdançasynda binalarda gurluşyk germew işleri alnyp barylýar, bu bolsa degişli binanyň boýy ýetip, ol ýerde mermer dakmak işine taýýarlyk görmekdir. Boýy ýeten binalarda santehnika, elektrik we beýleki jaýyň içki böleklerine degişli işler ýokary derejede dowam etdirilýär. Göçme okuw sapagy “Önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy” hünärine degişli bolan talyplardan ybarat bolup, olar binanyň içki elektrik geçirijileri we olaryň dogry gurnalyşy bilen içgin gyzyklandylar. Talyplar elektrik enjamlarynyň maksada laýyk saýlanyşy we gurnalyşy, ýangyna garşy duýduryş serişdeleriň dogry ýerleşdirilişi barada maglumat alyp, her bir enjamyň awtomatiki, sanly ulgam arkaly işlemegi üçin alnyp barylmaly gurluşyk işlerini öwrendiler. Gurluşyk işlerinde ilkinji ädimler bilen bilelikde bu işleri alyp barmak inženerçilik pikirleriniň bir ýere jemlenmeginden ybaratdyr. Döwrebap tehnologiýalar bilen üpjin edilýän Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binasynda robototehnika, manipulýatorlar, mehatronika, radioelektronika, telekommunikasiýa, programmirlenýän logiki kontrollerler ýaly awtomatlaşdyrylan ulgamlara degişli  tejribehanalar bolar. Şonuň üçin maksada laýyk elektrik we gorag ulgamlaryny gurnamak binanyň ýokary derejede bilim bermek mümkinçiligine-de öz täsirini ýetirer.

Mundan başga-da “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasynyň hünärmenleri bilen geçirilen okuw sapagynda talyplar iň täze gurluşyk tehnologiýalaryny ulanmak, döwrebap gurluşyk materiallary, häzirki zaman gurluşygynda akylly jaý, emeli aň ýaly meseleler bilen hem içgin gyzyklanyp, ýerine ýetirip boljak ylmy işler barada hem özara pikir alyşdylar.