img

ÝEŇIŞLERE TARAP

Men Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň Kompýuter tehnolgiýasy we awtomatika fakultetiniň Maglumat kommunikasiýa tehnologiýasy hünäriniň 2-nji ýyl talyby Halnyýazow Wepaly.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrinde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda sporta,bedenterbiýä uly üns berilýär.Sportuň ösmeginde ençeme tagallalar edilýär.Sport zallary,sport desgalary gurulyp ulanylmaga berilýär.Bu ýerlerde sportuň dürli görnüşlerinde ýaryşlar geçirilýär.Men hem öz gezegimde sportuň küşt görnüşi boýunça birnäçe ýaryşlara gatnaşdym.Döwlet derejesindäki baýraklara eýe boldum. Ýakynda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýreamynyň öňüsyrasynda Wengriýanyň Budapeşt şäherinde sportuň küşt görnüşi boýunça komandaly ýaryşyň B toparynda 1-nji orna mynasyp boldym.Meniň buýsanjymyň çägi ýok.Biz şeýle ajaýyp ýurtda ýaşaýarys.Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtdaky ýaryşlara hem gatnaşyp öz zehiniňi görkezmäge uly goldawlar berýär.Biz hem şeýle berilýän peşgeşlere gaýtargy hökmünde Ata Watanymyzyň abraýyny has-da beýige galdyrmalydyrs.Ýene-de geçiriljek ýaryşlarda öz zehin başarnygymyzy görkezip Döwletimiziň abraýyny has-da ýokarlandyrjakdygyma Sizi ynandyrýaryn.Şeýle mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag,başynyň dik,il-ýurt ähmiýetli,umumyadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri rowçlyklara beslensin.

Habarlaşmak üçin maglumatlar