img

TÜRKMEN DÖWLET BINAGÄRLIK-GURLUŞYK INSTITUTY HALKARA QS WE THE REÝTINGLERI BOÝUNÇA OKUW MASLAHATYNA GATNAŞDY

2024-nji ýylyň 19-20-nji sentýabrynda Özbegistan Respublikasynyň ýokary bilim, ylym we innowasiýa Ministrligi, Erasmus+ maksatnamasynyň Özbegistandaky Milli Ofisi hem-de Alişer Nowaýy adyndaky Daşkent döwlet özbek dili we edebiýaty uniwersiteti bilen bilelikde Ýewropa Bileleşiginiň tehniki kömeginiň çäginde seminar geçirildi. Seminar “ÝOM-lar üçin strategiýalar: QS we THE halkara reýtinglerinde üstünlik gazanmak we ýokary derejä ýetmek” atly tema bagyşlanyp geçirildi. Çäräniň esasy maksady, Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerine halkara standartlaryna laýyk gelýän bilimiň hiliniň netijeliligini görkezmek bolup durýar.

Seminara Özbegistan Respublikasynyň ýokary bilim, ylym we innowasiýa ministriniň orunbasary Şohruh Daliýew, Erasmus+ maksatnamasynyň Özbegistandaky Milli Ofisiniň milli ýolbaşçysy Aziza Abdurahmanowa, şeýle-de ýokary bilim, ylym we innowasiýa Ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk we reýting bölüminiň müdiri Diýor Umarow gatnaşdylar we seminarda çykyş etdiler.

Seminaryň esasy eksperti we hünärmeni professor Ellen Heýzelkorn, boldy halkara uniwersitetleriň reýtingi we ähmiýeti, ýokary bilim ulgamynda hil derejesi barada seminara gatnaşyjy uniwersitetleriň wekillerine maslahat beriş okuw sapak geçdi.

Seminarda professor hereket edýän reýting ulgamlary (esasan hem, THE, QS we ARWU), bilen tanyşdyrdy olaryň talaplary, usulyýetleri, artykmaçlyklary we kemçilikleri barada aýdyp geçdi. Iki günlük seminaryň dowamynda BH Associates bilim boýunça halkara eksperti, maslahatçysy, Dublin uniwersitetiniň hormatly professory, ýokary bilim ulgamynda syýasy gözegçilik boýunça bilekdäki redaktory, Ýewropa Bileleşiginiň ýokary bilim (HESS) boýunça geňeş toparynyň agzasy we ýokary okuw mekdepleriniň Ýewropa bileleşiginiň Strategiki komitetiniň agzasy Ellen Heýzelkorn seminara gatnaşyjy ýokary okuw mekdeplerinde, şol sanda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda berilýän bilimiň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak üçin THE, QS we ARWU üçin reýting ulgamlaryny ulanmak maslahat berdi.

Şeýle hem, seminaryň dowamynda halkara reýting bahalandyrmasynda mynasyp orunlary alan ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň ýerine ýetiren işlerini ara alyp maslahatlaşdylar we tejribelerini paýlaşdylar.

Bu seminar, ýokary bilim reformasy üçin hünärmenlere (HERE) ýörite amaly taýdan goldaw bermek üçin döredilen Ýewropa Bileleşiginiň Tehniki Kömek wezipeleriniň (TAM) bir bölegi boldy. TAM ýokary bilim ulgamlaryny kämilleşdirmekde seminarlary, konferensiýalary, duşuşyklary, şeýle-de öz ara sorag-jogap söhbetdeşligi guramak arkaly amala aşyrýar.

Erasmus+ maksatnamasynyň çäginde geçirilen bu seminar Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny dünýä arenasyna çykarmakda möhüm ähmiýete eýe bolup, ýurdumyzyň ýokary bilim ulgamynda has-da kämilleşmäge we innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen baglanyşyklydyr.

Bize, okatmaga, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, işleri rowaç bolsun, il ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Habarlaşmak üçin maglumatlar