img

“YLYMLY-BILIMLI WATANSÖÝÜJI ÝAŞLAR – BAGTYÝAR GELEJEGIŇ KEPILIDIR” ATLY OKUW MASLAHATY

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletiň ähli ugurlarda gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini, taryhy özgerişlerini, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli maksatnamalaryň, iri taslamalaryň taryhy ähmiýetini giňden wagyz etmek, şeýle hem “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işleri yzygider alnyp barylýar. Şu nukdaýnazardan, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda ýaşlarda daşary ýurt dillerini hünär bilen baglanyşdyryp öwrenmegiň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen 2024-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda “Ylymly-bilimli watansöýüji ýaşlar – bagtyýar gelejegiň kepilidir” atly okuw maslahaty geçirildi.

img

Bu okuw maslahatynda “Diller” kafedrasynyň mugallymlary B. Oraztaganowa, K. Allabaýewa, N. Garryýewa, M.Haýtmuradowa dagy 1-nji ýyl talyplara daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ähmiýeti barada iňlis, rus dillerinde çykyş etdiler, şeýle hem ýurdumyza daşary ýurt dillerini kämil bilýän hünärmenleriň derwaýyslygy barada, daşary ýurt dillerini öwrenmegiň täzeçe usulyýetleri dogrusynda çuň manyly çykyşlar etdiler. Her bir çykyşdan soň ýaşlaryň gelejegi üçin döredilýän giň möçberli mümkinçilikler üçin Mähriban Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny bildiridiler.

Habarlaşmak üçin maglumatlar