
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň,Türkmenistanyň Kärdeşler arkalasygynyň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň,Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň bilelikde gurnamaklarynda zenanlaryň arasynda ene-mamalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyzy, maşgala ojagyna wepalylygy, asyllylyk, arassa ahlaklylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek, olarda milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek hem-de ösdürmek maksady bilen ýaşuly eneleriň, halypa mugallymlaryň gatnaşmagynda “Zenan kalby-gözelligiň nusgasy” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.