img

INNOWASIÝA TEHNOLOGIÝALAR, YLYM WE BILIM TÜRKMENISTANYŇ GURLUŞYK-SENAGAT PUDAGYNDA

2024-nji ýylyň 10-11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçirildi. Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilen giň möçberli forumda ýurdumyzda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumyň işine dünýäniň abraýly bilermenleri, öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriň we ylmy merkezleriň wekilleri hem-de ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Halkara çäresiniň resmi açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly gutlag sözi bilen ýüzlendi.

Soňra ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň täze taryhynyň möhüm wakasy bolan halkara maýa goýum forumyna we bu ugur boýunça geçirilýän maslahata gatnaşyjylar giň möçberli ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar.

img

Soňra forumyň dowamynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty Batyr Meretdurdyýewiç Mämmedow nobat boýunça çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň maddy-enjamlaýyn binýady ýyl-ýyldan pugtalanýar we sanly bilim ulgamyny okuw işine ornaşdyrmak barada işler yzygiderli dowam etdirilýär. Öňde goýlan strategik durmuş-ykdysady wezipeleri çözmekde Türkmenistanyň gurluşyk, energetika, himiýa pudagynda we gurluşyk önümçiliginde maksatnamalaýyn işleri yzygiderli dowam etdirilýär we institutymyzyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň ýerine ýetiren ylmy-innowasion işleri, ylmy işler bilen meşgullanýan professor-mugallymlaryň ylmy açyşlary, senagat-innowasion tejribeleri, ylmy-inženerçilik pikirleri, maglumat-tehnologik barlaglary we mundan başga-da institutymyzyň alyp barýan taslama işleri bilen giňden tanyşdyrdy.

Geljekde häzirki zaman ylmy-tehniki gazanylanlar, bilimler we innowasiýalar ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginde, döwletimiziň kuwwatynyň pugtalandyrmagynda, aýratyn-da, ykdysadyýetimiziň sanly düzümleriniň ösdürilmeginde ýurdumyzda maýa goýum taslamalary durmuşa geçirmek işlerinde institutymyzyň taýýardygyny we halkara guramalary bilen bilelikde bu işleri alyp barmaklyk maksadalaýyk hasaplaýaryn diýip foruma gatnaşyjylara ýüzlendi.

Rektor B.Mämmedow çykyşynyň ahyrynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda, ýurdumyzyň içerki we daşarky syýasatynyň mundan beýläk-de ösmegi, halkara hyzmatdaşlyklaryň has-da berkemegi hem-de şeýle täsirli we netijeli halkara forumlary geçirmekde döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsunlaryny aýdyp, olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdi.

Habarlaşmak üçin maglumatlar