img

HIMIÝA TEHNOLOGIÝASY FAKULTETINIŇ INSTITUTYMYZYŇ TÄZE BINALAR TOPLUMYNA GURNAN GÖÇME OKUW SAPAGY

2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň 17-ine Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň mugallymlarynyň we “Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy” kafedrasynda taýýarlanylýan “Himiýa önümçiliginiň we gurluşyk materiallary kärhanalaryň maşynlary we apparatlary” hünäriniň 2-nji ýyl talyplarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Ajaýyp-gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan gurluşygy alnyp barylýan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşyk meýdançasynda göçme okuw sapagy geçirildi. “Ajaýyp-gurluşyk” hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan institutymyzyň täze binalar toplumynyň gurluşygy barada jikme-jik gürrüň berildi. Ilki bile66n göçme okuw sapagyna gatnaşýanlaryň ählisi tehniki howpsuzlygyň düzgünleri bilen tanyşdyryldy. Kärhananyň hünärmeni talyp ýaşlara Türkmenistan döwletimizden satyn alynýan gurluşyk materiallary we enjamlary, gurluşygy alnyp barylýan desganyň gurluşyk gurnama işleri, interýerleriň gurnama elementleri, bug gazan otagynyň enjamlary, suw ýumşadyjy we arassalaýjy gurluşy, nasos bekediniň enjamlary, turbageçirijiler, turbageçirijileriň berkidilmegi, boýalmagy, ýylylyk izolýasiýasy barada täsirli maglumatlary gürrüň berdi. Talyp ýaşlar uly gyzyklanma bilen sorag-jogap alyşdylar. Göçme okuw sapagy gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Habarlaşmak üçin maglumatlar