
“ÝAŇLAN, DIÝARYM!” TELEBÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY GEÇIRILDI
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Aýnur Täçmyradowna Gurbanmyradowa “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygyny 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň ýeňijisi bolup Hormatly Prezidentimiziň şa-serpaýyny almak miýesser etdi. Ýaşlara şular ýaly owadan sahnalarda çykyş edip, öz ukyp başarnyklaryny görkezmekde giň mümkinçilikler döredip berýän Mähriban hem-de Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýtýarys. Goý olaryň janlary sag bolsun tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!