img

Ahaldaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawod

Ahal welaýatynyň çäginde gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän zawod 2019-njy ýylyň iýun aýynyň 28-ne “Dünýäde tebigy gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod” hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Şeýle hem ýangyç-energetika pudagynyň bu iri kärhanasy ABŞ-nyň daşky gurşawy goramak gaznasy tarapyndan “Ekologiýa taýdan arassa” diýen şahadatnama hem-de Şweýsariýanyň hem-de Federal tehnologiýa instituty tarapyndan “Innowasion tehnologiýa” ugry boýunça şahadatnama we nyşana eýe boldy. Tebigy gazdan sintetiki awtomobil ýangyjyny öndürmekde dünýäde ilkinji uly möçberli zawodda ýylda 1 milliard 785 million kub metr gaz gaýtadan işlenilip, ECO-93 kysymly awtomobil ýangyjynyň 600 müň tonnasy şeýle hem arassalanan dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasy we suwuklandyrylan gazyň 115 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir.

Habarlaşmak üçin maglumatlar