img

“Älem” medeni-dynç alyş merkezi

Arçabil şaýolynyň ugrundaky «Älem» medeni-dynç alyş merkezi aşgabatlylaryň we paýtagtyň myhmanlarynyň höwes bilen dynç alyp, göwün açýan künjekleriniň biridir. Daşy Oguz hanyň altyn ýyldyzy we bäş sany göl bilen gurşalan türkmen zergärçilik sungatynyň gadymy nusgalarynyň biri bolan gülýakanyň görnüşi uzaklardan ünsüňi özüne çekýär. Beýikligi 95 metre ýetýän bu äpet bina basgançakly piramida çalymdaş bolup, onuň üstündäki syn ediş çarhynyň diametri 57 metrden ybaratdyr. Alty orunlyk öýjagazlaryň 24-sini özünde jemleýän äpet synlaýyş aýlawy bu merkeziň esasy binagärlik süňňüni emele getirýär. Täsin görnüşli bu bina dünýäde iň uly aýlanýan synlaýyş aýlawy hökmünde hasaba alnyp, 2012-nji ýylyň 18-nji maýynda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi barha gözel keşbe girýän paýtagtymyzyň gurluşyk-binagärlik işleriniň dünýä nusgalyk häsiýete eýedigini görkezdi.

Habarlaşmak üçin maglumatlar