img

“Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezi

2011-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Ginnesiň rekordlar kitabyna «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi girizildi, ol paýtagtymyz Aşgabadyň günortasyny etekläp oturan Köpetdagyň belent tebigy gerişleriniň üstünde bina edildi. Döwrebap telearagatnaşyk merkeziniň umumy belentligi, onuň kuwwatly antennasynyň boýuny hasaba almak bilen, 211 metre barabardyr. Toplumyň jemi 31 gatdan ybarat bolan esasy binasynyň 29-njy gatynda aýlanýan restoran ýerleşýär, ol bu ýere seýil-seýrana gelýänlere oturan ýerlerinden dag tebigatynyň we paýtagtymyzyň taýsyz gözelliklerini synlap lezzet almaga mümkinçilik berýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar