img

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Portuň umumy tutýan meýdany 1 million 358,5 müň inedördül metrden gowrakdyr. 20 metr giňlikdäki gämi duralgasynyň umumy uzynlygy 3 müň 600 metre deňdir, munuň özi bir wagtda birnäçe ýük we ýolagçy gämileriniň gelmegine, gitmegine hem-de olara hyzmat etmäge mümkinçilik berýär. Awtomobil we ýolagçy parom terminalynyň umumy meýdany 230 müň inedördül metr bolup, onuň duralgasynda iki gämi birbada ýerleşip bilýär. Ol bir ýylda 300 müň ýolagça we 75 müň treýlere hyzmat etmäge ukyplydyr.

Habarlaşmak üçin maglumatlar