TURKMEN DÖWLET BINAGÄRLIK-GURLUŞYK INSTITUTYNYŇ BINALAR TOPLUMY
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumynyň häzirki wagtda gurulmagy meýilleşdirilýän ýeri bolsa, Görogly şaýolynyň ugrundaky Gurtly ýaşaýyş jaý toplumynyň golaýydyr. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze okuw binalar toplumy 5000 talyp üçin niýetlenip, bu binalar toplumynyň içinde talyp ýaşlaryň döwrebap bilim almagy hem-de professor mugallymlaryň zähmet çekmegi üçin ähli amatly şertler döredilendir. Bu binalar toplumynyň dizaýny sadalygyň hemde döwrebaplygyň sazlaşygynda emele gelip, onuň daşky hem-de içki bezegleri millililik ýörelgesinden hem- de binagärlikde ulanylýan esbapdyr-gurallaryň görnüşlerinden ylham alynyp maksada laýyk ýerine ýetirilen taslamadyr. Türkmen Döwlet Binagärlik Gurluşyk institutynyň teklip edilýän şekil taslamasy häzirki zaman ülňülerine doly laýyk gelýär we onuň umumy tutýan meýdany 32.20 ga barabardyr. Taslama üçin saýlanyp alynan ýer bölegi häzirki wagtda täze-täze binalaryň giň göwrümde gurulýan ýeri bolup, özüniň amatlylygy bilen tapawutlanýar. Baş binanyň daşky bezeginde ulanylan sirkul bolsa, binagärleriň esasy guraly bolup, ýük göteriji ulagynyň binagärlik keşbi bolsa gurluşykçylaryň mahsus bolup, bu binanyň maksada laýyklygy görkezýär. Bu binalarda birnäçe geometriki göwrümleri özara sazlaşyp, ondaky milli nagyşlarymyz bolsa, bu binalara aýratyn milli öwüşginleri berýär. Baş binada esasy iş dolandyryş üçin niýetlenen otaglar ýerleşdirilendir. Baş bina bilen özboluşly geçelgeler arkaly utgaşykly okuw binalary ýerleşdirilen. Okuw binasynyň golaýynda ýerleşdirilen döwrebap kitaphanada kitaplary saklamak üçin, talyp ýaşlar okuwlaryndan boş wagtlary kitaplary okamaklary üçin, medeni çäreleri geçirmek üçin ýörite meýdança, naharhana göz öňüne tutulandyr. Sergi we okuw önümçilik merkezi bolsa taslama işlerini we şekil taslamalary ýerine ýetirmäge, saklamaga we dürli sergiler geçirmek niýetlenen we şol ýerde ýerleşdirlen sanly ulgamy dolandyryş merkezi bolsa institutyň çäginde ornaşdyrylan sanly ulgamy dolandyrmak şeýle hem maglumatlary saklamak üçin niýetlenendir. Okuw-önümçilik merkezi bolsa, talyplar bilen tejribe işlerini geçirmek üçin ähli şertleri öz içinde jemleýär. Döwrebap sergi zaly bolsa, şanly seneler mynasybetli dürli sergileri we taslama, şekil taslama bäsleşiklerini geçirmäge niýetlenendir. Bu taslamada binalaryň hemmesinde hem sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy onuň esasy aýratynlyklarynyň biridir.