img

“DOWAMAT DARAGTY”

“Dowamat” binasy Aşgabat şäherindäki N.Andalyp köçesi bilen Oguzhan şaýolynyň çatrygynda gurlup ulanylmaga berildi. Bu bina mähriban halkymyzyň mizemez agzybirliginiň synmaz kepillidir. Binanyň beýikligi 21 metrden ybarat bolup, onuň merkezi böleginde gözellik we ruhy ölçegleri özünde jemleýän, türkmeniň nesilbaşysy Oguz han atamyzy alamatlandyrýan beýik daragt “Dowamat daragty” ýerleşdirilen. Daragtyň kökünden ýokarlygyna uzap gidýän ýarym aý görnüşli şahalar bir ojagyň başynda jebis jemlenen Oguz hanyň alty sany ogullary Gün han, Aý han, Ýyldyz han, Dag han, Gök han we Deňiz hany häsýetlendirýär. Dogruçyllyk, ynsanperwerlik, watançylyk, agzybirlik, ulyny sylamak, zähmetsöýerlik we ahlak arassalygy baradaky baý medeni mirasa eýe bolan biziň halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala gelip, bagtyýar ýaşaýşyny dowam edýär. Ýaşaýşy ösüşi we täzeçilligi aňladýan ýaprak şekilleri hem alty sany bolup, olaryň ýüzünde nesilbaşymyzyň 24 agtygynyň altyn çaýylan tagmalarynyň şekilleri ýerleşdirilen.

Habarlaşmak üçin maglumatlar