Olimpiýa şäherjiginiň suw sport toplumy
2017-nji ýylda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginiň suw sport toplumy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu degişli şahadatnama bilen tassyklandy we ol dünýäde iň uly ýapyk görnüşli suwda ýüzmek basseýnidir.
Suw sport toplumy 5 müň tomaşaçy üçin niýetlenendir. Onuň çäginde ýaryşlary geçirmek we türgenleri taýýarlamak üçin niýetlenen dürli ululykdaky dört sany basseýn bar. Geçirilen ölçeglere görä, toplumdaky basseýnleriň umumy meýdany 4 müň 976,65 inedördül metr (53568 inedördül fut).