Şu gün 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 9-na Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünär taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde öňümizde goýan baş wezipelerini oňyn çözmek, Türkmenistanyň sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek, bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem bilimiň hiline garaşsyz gözegçiligi amala aşyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Programma üpjünçilik ussatlygy” atly Hakaton bäsleşigini guramak we geçirmek boýunça Düzgünnama esasynda, biziň baýry ýokary okuw jaýymyzda, ýagny Türkmen Döwlet Binagärlik – gurluşyk institutymyzda hem onlaýn görnüşinde geçirildi.
Bu bäsleşige ýurdumyzyň 21-den gowrak ýokary okuw jaýlarynyň göreldeli talyplary gatnaşýar. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetinden 3 talyp gatnaşýar. Bu bäsleşikde, talyplaryň hünär taýýarlygynyň hilini, olaryň döredijilik ukybyny, programma üpjünçiliginiň işjeňligini ýokarlandyrmagyň ýollaryny kesgitlemekde erkin baş alyp çykmak esasy maksat bolup durýar.