Onlaýn ylmy-okuw maslahaty

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlarynyň gatnaşmagynda Türkmen oba hojalyk institutynyň guramagynda “Maglumat bazalary we olaryň ulanyş mysallary” atly onlaýn ylmy-okuw maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy Humaý Çaryýewa öz çykyşynda maglumat bazasy barada düşünje, maglumat bazalarynyň düzümi, maglumatlar bazalarynyň görnüşleri we MBDU-nyň mümkinçilikleri ýerine ýetirmek bilen nusgalyk işleri alyp barýandygyny aýtdy.

Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredip berýän mümkinçiliklerine köp sag bolsunlaryny aýtdylar.