7-nji aprel – Bütindünýä saglyk guni bolup, biziň Garaşsyz, Baky Bitarap dowletimizde hem bu sene ginden bellenilýär. Ýurdumyzyň binagärlik aýratynlygy soňky ýyllarda uly ösüş gazandy. Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň Täze okuw bina desgasy munuň aýdyň mysalydyr.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylan 2025-nji ýyl ähli türkmen halkymyzy, ylaýta-da, bagtyýar türkmen ýaşlaryny has-da tutanýerli zähmet çekmäge, ata Watanymyzyň şanly sepgitlerine ýetmegine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrdy.
2025-nji ýylyň 7-nji aprelinde Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Suw üpjünçiligi, ulanylan suwlary akdyrmak we suw gorlaryny goramak” hünäriniň 2-nji ýyl talyplary Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Suw, gaz we ýylylyk üpjünçiligi” kafedrasynyň uly mugallymy A.Saparowyň guramagynda Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň Täze okuw binasyna göçme okuw tejribeligini geçirdi.
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirmegi bilen obalaryň we şäherleriň keşbi tanalmaz derejede özgerýär, paýtagtymyz dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwrülýär hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylyp giň gerimli işler alynyp barylýar.
Okuw tejribesiniň dowamynda talyplara binagärlik aýratynlyklary, inženerçilik enjamlaşdyrylyş ulgamlary, peýdalanylyş usullary we häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegi barada giňişleýin düşündiriş berildi. Täze binanyň bezeg aýratynlyklary we olaryň döwrebap enjamlaşdyrylyşy we onuň ähmiýeti barada talyplara tejribeli hünärmenler we halypa mugallymy tarapyndan maglumat berildi.
Tejribelikde talyplar özleriniň gurluşyk taslamalarynda ulanyp biljek amaly maglumatlaryny topladylar. Şeýle-de gurluşyk aýratynlyklary barada çuňňur tejribe gazanyp, binagärlik ugrunda bilimlerini artdyrdylar.
Netijede, bu okuw önümçilik tejribesi talyplar üçin örän täsirli bolup, olaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, ýurdumyzdaky binagärlik-gurluşyk ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli işler bilen tanyşmaga mümkinçilik döretdi. Talyplar bu göçme okuw sapagyndan uly täsirler alyp, öz hünär ugurlarynda täze bilimleri we tejribeleri edinmek üçin gymmatly mümkinçilik gazandylar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly yolbasçylygynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni, ylym - bilim, sport, binagärlik gurluşyk pudagynda agirt uly işler amala aşyrylýar. Şeyle uly aladalaryň netijesinde bolsa, Ata Watanymyzyň geljeginiň röwşen ýollara barýandygynyň şaýady bolýarys.