SPORT – ÜSTÜNLIKLERE TARAP

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda “Bütindünýä saglyk güni” mynasybetli 2025-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde gurnamagynda Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherjiginde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça sport bäsleşikleri geçirildi.

Bu geçirilen bäsleşikde sportuň ýeňil atletika görnüşiniň ylgaw ýaryşynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Ogulmaýsa Şageldiýewa I orna, Raýat goranyşy fakultetiniň 2-nji ýyl harby talyby Rüstem Nuresenow III orna mynasyp bolup, hormat haty we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar.