Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamagynda “Bütindünýä saglyk güni” mynasybetli Türkmenistanda bedenterbiýe we sport hereketini giňden ýaýbaňlandyrmak, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, sport endiklerini ösdürmek, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XIV Uniwersiýadasynyň düzüminde bolan sportuň karatedo we dzýudo görnüşleri boýunça baýrakly orunlary alan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituytnyň bagtyýar talyp ýaşlarynyň we professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda “Jan saglygy – beden azatlygy” atly tegelek stol ýazgysy geçirildi.