Sport Aýy – Talyplaryň Saglygy we Geljegi

Ýurdymyzda bedenterbiýe we sport ugrunda alnyp barylýan işler halkyň saglygyny berkitmek, ýaşlary beden we ruhy taýdan kämilleşdirmek, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny ýokarlandyrmak maksadyna gönükdirilýär. Biziñ Türkmen Döwlet Binagärlik-Gurluşyk Institutymyzyñ agzybir talyplary her gün sport aýynyň ruhuny duýduryjy usulda ýygnanyp, beden maşklaryny ýerine ýetirýärler. Bu çäreler, diňe fiziki saglygy berkitmek bilen çäklenmän, ruhy rahatlygy we agzybirligi ösdürmäge hem ýol açýar.

Sport maşklary, talyplaryň gündelik durmuşynda tertip we maksada okgunlyk duýgusyny ýatdan çykarmaga kömek edýär. Şeýle çäreler, institutyň medeniýetiniň möhüm bölegi hökmünde, geljekki üstünlikleriň binýady bolup durýar.

Şeýle çäreleriň institutyň durmuşyna ornaşdyrylmagy, sportuň Türkmen Döwlet Binagärlik-Gurlyşyk institutymyzyñ aýrylmaz bölegi bolmagyna şert döredýär. Talyp ýaşlar üçin sport diňe bir fiziki işjeňlik bolman, eýsem, ruhy hem-de akyl-paýhas taýdan hem kämilleşmegiň ýoly bolup durýar.

Taýýarlan: Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniñ mugallym-öwrenijisi Seitow Süleýman