Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlarynyň gatnaşmagynda Türkmen oba hojalyk institutynyň guramagynda “Garaşsyz Türkmenistanyň ekologiýa syýasaty we onuň aýratynlyklary” atly halkara onlaýn ylmy-okuw maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy Aýjeren Tagandurdyýewa öz çykyşynda ýurdumyzyň ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça goşulyşýan halkara konwensiýalary barada “Ozon gatlagyny goramak”, “Çölleşmäge garşy göreş” biodürliligi gorap saklamak ýaly, konwensiýalara gatnaşmak bilen döwletimiz öz üstüne alan wezipe borçlaryň doly ýerine ýetirmek bilen nusgalyk işleri alyp barýandygyny aýtdy.
Şeýle hem ýurdumyzda daşky gurşawy goramak bilen bagly birnäçe kanunlaryň tebigaty goramagyň hukuk esaslary bolup durýandygyny belledi. Türkmen oba hojalyk institutynyň onlaýn ylmy-okuw maslahatynda sorag-jogap alşyldy.
Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaşyl tehnologiýalara esaslanýan ykdysady ösüşleri amala aşyrmakdaky döredip berýän mümkinçiliklerine köp sag bolsunlaryny aýtdylar.