“WATANÇY ÝAŞLAR – EDEP TERBIÝÄNIŇ GÖZBAŞY” ATLY WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyp oglanlarynyň arasynda tertip-düzgüni berjaý etmek, hususan-da ýaşlarda watançylyk duýgusy oýarmak, hukuk düşünjeliligini ýokarlandyrmak, sagdyn durmuş, milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, medeni-köpçülik ýerlerinde özüni tertipli alyp barmak, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek we şahsy howpsuzlygyny üpjün etmek, awtoulag dolandyrmak boýunça kanun bozulmalarynyň öňüni almak, internet ulgamynyň ters häsiýetli saýtlarynyň ýaramaz täsirlerini düşündirmek, göwrümi uly bolmadyk gurluşlary (gajetler, telefon, planşet we ş.m) aşa köp ulanmak we bu ugurda ýaramaz endikleri aradan aýyrmak, ýangyn howpsuzlygyny berjaý etmek, elektrik geçirijilerini peýdananmaklygyň düzgünlerini üpjün etmek, neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalarynyň, arakhorlugyň, çilimkeşligiň, naskeşligiň adam saglygyna ýetirýän zyýanly  täsirlerini öňüni almak maksady bilen 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 2-ne “Türkmengaz” DK-nyň Medeni-işewürlik merkeziniň uly mejlisler zalynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Jemgyýetçilik guramalarynyň we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekilleriniň gurnamaklarynda talyp ýaşlaryň arasynda “Watançy ýaşlar – edep terbiýäniň gözbaşy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.