2026-njy ýylyň mart aýynyň 4-ine Inžener-mehanika fakultetiniň “Önümçiligi awtomatlaşdyrmak” kafedrasynyň mugallymlary we “Önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy” hünäriniň talyplary “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan gurluşygy alnyp barylýan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynda nazaryýetde alan bilimlerini önümçilik bilen baglanyşdyryp öwrenmek maksady bilen, göçme okuw sapagynda boldular.

Göçme okuw sapaklarynyň yzygiderli guralmagy talyplarda özleriniň saýlan hünärlerinden geljekde ökde hünärmen bolup ýetişmeklerine uly ýardam eder, şeýle hem ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygyny ýola goýmakda öz täsirini ýetirer.

Talyp ýaşlar gurluşyk meýdançasynda alnyp barylýan gurluşyk, elektrik we awtomatlaşdyrma işleri barada birnäçe maglumatlary aldylar hem-de kärhananyň hünärmenleri bilen özara pikir alyşdylar.