8-NJI MART HALKARA ZENANLAR GÜNI MYNASYBETLI SOWGATLARYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp, Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynda 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan institutymyzda zähmet çekýän, okaýan talyp aýal-gyzlarymyza pul sowgatlarynyň gowşurylmagyna bagyşlanan aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi.


TDBGI


TDBGI


TDBGI


Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Enä tagzym etmek – mukaddeslige tagzym etmekdir. Şonuň üçin hem mähribanlygy we mylaýymlygy, wepalylygy we paýhasy, gözelligi we kämilligi özünde jemleýän türkmen zenanlaryna hormat, sarpa goýulmagy öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan mukaddeslikdir, hiç bir döwürde hem gadryny gaçyrmaýan gymmatly hazynadyr.


TDBGI


TDBGI


Dabaraly çäräniň ahyrynda gelin-gyzlar döwletimizde oňyn özgertmeleriň amala aşyrylýandygy, parahatçylygyň we döredijiligiň möhüm şerti bolan abadan durmuşyň üpjün edilmegi ugrunda zerur şertleriň döredilýändigi üçin Hormatly Prezidentimize Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun alkyşlaryny aýtdylar.


TDBGI


TDBGI


TDBGI


Baba Myratberdiýew
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy