TÜRKMEN HALYSYNYŇ MILLI MUZEÝINE GEZELENÇ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ” türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli gymmatlyklarymyz dünýä ýaýylýar. “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna” girizilen türkmen halysynyň dünýä mirasyndaky ornuny dabaralandyrmak, nesilden-nesle geçip gelýän halyçylyk sungatyny ýaş nesillerimize ýetirmek maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ilkinji Zenanlar guramasynyň gurnamagynda institutyň  mugallymlary we talyp gyzlary bilen bilelikde Türkmen halysynyň Milli muzeýine gezelenç guraldy.