Ýol gurluşygy fakultetiniň talyplarynyň geçen göçme okuw sapagy

Talyplaryň nazaryýetde alan bilimlerini önümçilik bilen baglanyşdyryp geçmek maksady bilen, 2026-njy ýylyň 14-nji fewralynda Türkmen döwlet-binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda gurluşygy alnyp barylýan institutyň täze binalar toplumynda göçme okuw sapagy geçirdiler.

Talyplar täze binalar toplumynda binanyň düýbünden başlap gurluşynyň esasy tapgyrlary, gurluşykda ulanylýan täze materiallar, inženerçilik ulgamlary we howpsuzlyk kadalary bilen tanyş boldular.

Göçme okuw sapagynyň dowamynda talyp ýaşlar gurluşyk meýdançasynda Türkmenistanyň Senagatçylyr we telekeçiler birleşmesiniň “Ajaýyp-gurluşyk” hususy kärhananyň degişli hünärmenleri  bilen özara pikir alyşdylar.

Täze binalar toplumy surata düşürilen senesi: 14.02.2026ý.


TDBGI