Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleri, gazanylýan ajayyp üstünlikleri ýaşlaryň arasynda wagyz etmek, ýaşlarda watançylyk, ynsanperwerlik, il-halkyna wepalylyk, halallyk, belent adamkärçilik ýaly ajaýyp häsiýetleri has-da ösdürmek maksady bilen, Ahal welayatynyň Gökdepе etrabynda ýerleşýän “Gökdepe” milli muzeýine institutyň Jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamagynda mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda gezelenç gurnaldy.

“Gökdepe” milli muzeýine gezelenjiň dowamynda 1500-den gowrak muzeý gymmatlyklarynyň saklanylýanlygy, Gökdepe urşy baradaky taryhy, medeni tapyndylary, surat eserleri, fotosuratlary, arhiw resminamalary, gyz-gelinleriň şaý-sepleri, gadymy ulanylan ýaraglary we beýleki medeni-taryhy gymmatlyklary barada muzeýiň jogapkär işgärleri gyzykly gürrüň berdiler.

“Gökdepe” milli muzeýiniň görnükli ýerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň waspyny giňden açyp görkezýän eserler, fotosuratlar ýerleşdirilipdir.






Baba Myratberdiýew
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy