ÝOL GURLUŞYGY FAKULTETINIŇ TALYPLARYNYŇ SPORTUŇ DÜRLI GÖRNÜŞLERINDE  GAZANAN ÜSTÜNLIKLERI

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetinde sportuň aşakdaky görnüşleri boýunça talyplar özleriniň ussatlyklaryny görkezip baýrakly orunlara mynasyp boldular:

2025-nji ýylyň 17-nji dekabryndan 2026-njy ýylyň 2-nji fewraly aralygynda sportuň hokkeý görnüşi boýunça geçirilen 2025-2026-njy ýyl möwsüm üçin Türkmenistanyň çempionatynda “Gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Şamuhammedow Perman - III orna;


TDBGI


2026-njy ýylyň 5-6-njy fewraly aralygynda sportuň suwda ýüzmek görnüşi boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiliginde brass usulynda (50 metr we 100 metr aralygynda) geçirilen ýaryşynda “Seýsmologiýa we seýsmika durnukly gurluşyk” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Nazarow Selim - I orna;


TDBGI


2026-njy ýylyň 7-8-nji ferwaly aralygynda Italiýa Respublikasynyň Genoa şäherinde sportuň jiu-jitsu göreşi boýunça geçirilen “Genoa Open 2026” atly halkara ýaryşynda “Kartografiýa we geoinformatika” taýýarlygyň ugrunyň 2-nji ýyl talyby Amanmyradow Annagurt  - II orun, kümüş medala eýe boldular.


TDBGI