Bilim we sport — belent sepgitlere tarap!

2026-njy ýylyň fewral aýynyň 5-9-y aralygynda Genoa şäherinde (Italiýa Respublikasy) sportuň jiu-jitsu görnüşi boýunça geçirilen halkara ýaryşynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetiniň “Senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Rahmanow Parahat Döwranowiç baýrakly III orna bürünç medala mynasyp bolmagy başardy. 

Bu bolsa ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende galdyrdy. Gelejekde oňa sport äleminde uly üstünlikler gazanmagyny arzuw edýäris.