Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň mugallymlary we talyplary tarapyndan  “Ak bugdaý” muzeýinde gezelençde boldular

2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň 14-ine Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň mugallymlary we talyplary gadymy taryhyň janly şaýady bolan Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän “Ak bugdaý” muzeýinde gezelençde boldular. Bu muzeý türkmen halkynyň ekerançylyk medeniýetiniň, zähmet ýolunyň we müňýyllyklardan gözbaş alýan bugdaýçylyk däpleriniň aýdyň subutnamasydyr.


TDBGI


“Ak bugdaý” muzeýi dünýäde ilkinji ekerançylyk merkezleriniň biri hasaplanýan Änew medeniýeti bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Bu ýerde tapylan ak bugdaý däneleri adamzadyň ekerançylyk bilen meşgullanyp başlan döwrüni tassyklaýar. Muzeýde ýerleşdirilen taryhy tapyndylar, arheologik materiallar we maglumatlar bugdaýyň ösüş ýoluny, onuň adam durmuşyndaky ähmiýetini giňden açyp görkezýär.

“Ak bugdaý” muzeýi binagärlik ugrundan bilim alýan talyplar üçin uly ylham çeşmesidir, sebäbi bu muzeý binagärligiň diňe bir bezeg däl-de, eýsem many we pikir çeşmesidir. Muzeýiň arhitekturasy onuň many mazmuny bilen berk baglanyşykly bolup durýar. Tebigy reňkleriň, daş we toprak äheňleriniň ulanylmagy binanyň daşky gurşaw bilen sazlaşygyny üpjün edýär, bu bolsa talyplara jemgyýetçilik we ekologik binagärligiň möhümdigini öwredýär.

Arhitektura nagyşlary bu ýerde diňe bezeg hökmünde däl-de, muzeý mazmunyny açýan we giňişlige ruh berýän nyşan hökmünde çykyş edýär. “Ak bugdaý” muzeýi arkaly talyplar geçmişden ylham alyp, milli mirasy häzirki zaman arhitektura dili bilen beýan etmegiň, bina arkaly taryhy döretmegiň mümkindigine göz ýetirdiler.