GURLUŞYK MEÝDANÇASY — DÖWREBAP BILIM MEKDEBI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyz ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Bu ösüşleriň içinde geljekki hünärmenleriň kämil bolup ýetişmekleri üçin döredilýän mümkinçilikler aýratyn orna eýedir. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde, 2026-njy ýylyň 2-nji martynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň «Suw, gaz we ýylylyk üpjünçiligi» kafedrasynyň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda guralan göçme okuw sapagyny görkezmek bolar.

Bu gezekki göçme okuw sapagy Aşgabat şäherinde gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşyk meýdançasynda geçirildi. Talyp ýaşlar üçin bu göçme okuw sapagy diňe bir okuw däl, eýsem nazaryýetde öwrenen bilimlerini amalyýet bilen utgaşdyrmakda bahasyna ýetip bolmajak tejribe boldy.

«Suw, gaz we ýylylyk üpjünçiligi» kafedrasynyň mugallymlarynyň we tejribeli gurluşykçylaryň ýolbaşçylygynda geçirilen sapagyň dowamynda, talyplar täze binalar toplumynda gurnalýan inženerçilik ulgamlarynyň aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdylar. Esasanam, häzirki zaman binalarynda suw üpjünçiliginiň we ulanylan suwlary akdyryş ulgamlarynyň gurluşy, ýylylyk üpjünçilik ulgamynyň tygşytly we netijeli usullary, şeýle-de olaryň howpsuz gurnalyşy barada talyp ýaşlara giňişleýin maglumatlar berildi.

Göçme okuw sapagynda täze binalar toplumynda ulanylýan innowasion tehnologiýalara, ýerli çig mallardan öndürilen gurluşyk serişdelerine we ekologik talaplara laýyk gelýän gurnama işlerine aýratyn üns çekildi. Talyp ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan soraglara hünärmenlerden jogap alyp, gurluşyk işleriniň nähili amala aşyrylýandygyny öz gözleri bilen gördüler.

Munuň özi ýurdumyzda “Ylym-bilim-önümçilik” önümçilik arabaglanşygy diýen ýörelgäniň dabaralanýandygynyň ýene bir mysalydyr. Talyp ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur minnetdarlygymyzy bildirýäris.