2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda Ýol gurluşygy fakultetiniň “Geodeziýa” kafedrasynyň mugallymlarynyň we “Amaly geodeziýa” hünäriniň 3-nji ýyllyk talyplarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Ajaýyp-gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan gurluşygy alnyp barylýan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşyk meydançasynda göçme okuw sapagyny geçirdi.

“Ajaýyp-gurluşyk” hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan institutymyzyň täze binalar toplumynyň gurluşygy barada jikme-jik gürrüň berildi. Ilki bilen göçme okuw sapagyna gatnaşýanlaryň ählisi tehniki howpsuzlygyň düzgünleri bilen tanyşdyryldy.

Kärhananyň hünärmenlerim tarapyndan talyp ýaşlara gurluşyk döwründe ýerine ýetirilýän geodezik işleriň taslamasy barada, taslamany hakyky ýere geçirmek we bu işleri ýerine ýetirmek üçin ulanylýan häzirki zaman enjamlary barada gürrüň berdiler. Göçme okuw sapagy gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
