“Ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda bilim boýunça özara hyzmatdaşlygy üpjün etmek hakynda” Türkmenistanyň Bilim Ministrliginiň 2022-nji ýylyň 7-nji martyndaky 77 belgili buýrugyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna berkidilen Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamynda kämil hünärmenleri taýýarlamak barada berýän tabşyryklaryny durmuşa geçirmekde edýän aladalary esasynda 2025-2026-njy okuw ýylynda ýerine ýetirmeli işleriň iş meýilnamasynyň çäklerinde Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Umumy himiýa” kafedrasynyň gurnamagynda 2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda “Türkmenistan-bedew batly öňe barýar” atly usuly amaly maslahaty geçirdi. Maslahatda “Umumy himiýa” kafedrasynyň uly mugallymy Gözel Allanazarowa, kafedranyň mugallymy Baýgeldi Nurmyradow talyplara halkymyzyň köp asyrlyk taryhynda ahalteke bedewlerine uly ornuň degişlidigi barada gürrün berdiler. Bu maslahat Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde zähmet çekýän professor-mugallymlarynda we talyp ýaşlarynynda uly täsir galdyrdy.