Enä tagzym – mukaddeslige tagzym!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çärelerine meýletinçi talyplary ýokary derejede taýýarlamak, şeýle hem ýurdumyzda gelin-gyzlara goýulýan sarpa, gender deňliginiň taryhy ähmiýetini wagyz-nesihat etmek maksady bilen, 8-nji mart – Halkara zenanlar gününe bagyşlap, 2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Meýletinçiler merkeziniň we “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň gurnamagynda “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly okuw seminary geçirildi.


TDBGI


Bu okuw seminarynda mugallymlarymyz ýurdumyzda gelin-gyzlaryň jemgyýetde tutýan orny, gender deňligi, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde zenanlara goýulýan sarpa dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Esasan hem “Zenanlar ýaşaýşyň gözelligi” we “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly temalarda edilen çykyşlar diňleýji bolup gatnaşýan meýletinçilerde uly täsir galdyrdy. Bu okuw seminarynda gelin-gyzlarymyza bagyşlanan şygyrlaryň ýaňlanmagy has-da täsirli boldy.


TDBGI


Ýurdumyzda gelin-gyzlara goýulýan sarpa üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur minnetdarlygymyzy bildirýäris.


TDBGI


TDBGI


Kümüş Allabaýewa,
Meýletinçiler merkeziniň başlygy