Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan — beýik maksatlaryň we okgunly ösüşleriň mekany: Zamananyň depgininde geljegi gurup

TDBGI


2026-njy ýylyň şygarynyň taryhy ähmiýetini düşündirmek hem-de ylym bilen bilimiň özara baglanyşygyny berkitmek maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň «Ýokary matematika» kafedrasynyň mugallymlary Aşgabat şäheriniň 77-nji orta mekdebinde göçme duşuşyk geçirdiler. Çäräniň dowamynda kafedranyň uly mugallymy Oraznepes Berdiliýew we mugallym-öwreniji Muhammetmyrat Kakabaýew nesilleriň dowamatlylygynyň ähmiýetine aýratyn üns çekdiler. Olar öz çykyşlarynda ýokary ylmy mümkinçilikleriň hem-de ýaşlaryň watançylyk terbiýesiniň utgaşmagynyň täze ýylda döwletimiziň öňünde duran strategik maksatlary durmuşa geçirmegiň ygtybarly binýady bolup hyzmat edýändigini bellediler.

Bu duşuşyk Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň pähimli ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan öz taryhyna täze altyn sahypalary ýazýar we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde gazanylan üstünlikleri bütin dünýä aýan edýär.

2026-njy ýylyň «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi halkyň arzuw-islegleriniň beýany boldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen halkyň teklipleri esasynda kabul edilen bu şygar, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynyň rowaçlygyň we ahalteke bedewiniň çaltlygy bilen ösüşiniň simwolydur.

Watanymyzyň halkara derejesindäki ýeňişleri täze şygaryň ähmiýetini has-da artdyrýar. Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde tanalýar, munuň aýdyň subutnamasy bolsa BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 30-dan gowrak Kararnamanyň kabul edilmegidir. Soňky möhüm üstünlikleriň hatarynda «BMG-niň durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026–2035)» we energetika howpsuzlygyny berkitmek baradaky Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegini görkezmek bolar.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň sammiti, häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň ornuna bagyşlanan halkara maslahaty ýaly iri forumlaryň geçirilmegi Bitarap döwletimiziň abraýynyň barha artýandygyny tassyklaýar. Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabat Jarnamasynyň kabul edilmegi bolsa paýtagtymyzyň ählumumy parahatçylygy dörediji merkez hökmündäki ornuny berkidýär.

Täze ýyl we onuň ruhlandyryjy şygary her bir raýaty, aýratyn-da ylmy jemgyýetçiligi özygtyýarly Watanymyzyň rowaçlygy ugrunda täze üstünliklere çagyrýar.