Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak indi asylly däbe öwrüldi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen ajaýyp jümläniň 2026-njy ýylyň şygary hökmünde saýlanyp alynmagy halkymyzda uly ruhubelentlik döretdi. Türkmen halky «At – myrat» diýýär, behişdi bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjydyr, uçar ganatydyr, wepaly ýoldaşydyr.

Golaýda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň many-mazmunyny giňden wagyz etmek maksady bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetinde «Esger» gazetiniň redaksiýasy bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Wagyz-nesihat çäresinde «Esger» gazetiniň baş redaktory Serdar Myradow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy Amangeldi Orazow, institutyň ylym bölüminiň başlygy Amanmyrat Arazow, Raýat goranyşy fakultetiniň serkerde-mugallymlary polkownik Nurýagdy Akmämmedow, kapitan Bägül Şamyradowa, uly leýtenant Mukam Akmämmedow, harby talyp Piregldi Rejepow we başgalar çykyş etdiler.

Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen her bir ýyly mynasyp atlandyrmagyň asylly däbe öwrülendigini, bu günki günde ahalteke atlarynyň Watanymyzyň ösüş we özgertmeler ýolunda gazanýan beýik üstünlikleriniň nyşany bolup durýandygy, bedew atyň türkmen halky üçin täze-täze üstünlikleriň, ýeňişleriň buşlukçysydygy, ganatly bedewleriň şan-şöhratyny dünýä jar etmekde, geçmiş taryhyny öwrenmekde Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne kitaplarynyň ähmiýetiniň örän uludygy barada gyzykly maglumatlary gürrüň berdiler.

Hakykatdan hem türkmen bedewleri halkymyzyň milli buýsanjydyr, gymmatly baýlygydyr, beýik ösüşlerimiziň nyşanydyr. «At — myrat» diýlişi ýaly, täze ýyl bagtyýar halkymyzy maksat-myradyna ýetirjek ýyl bolar. Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynda hem-de özbaşdak ösüş ýolunda bedew at milletimiziň ynamdar we ygtybarly ýoldaşy hökmünde aýratyn orun tutýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda bu ýylda-da Watanymyza bedew batly ösüşleriň ýaran boljakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys.

Orazmyrat ANNAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Raýat goranyşy fakultetiniň dekany,
polkownik.